Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlandy.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ýurdumyzda toýlaryň toýlara ulaşýandygyny, ýene-de sanlyja günden halkymyzyň Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan bellenjekdigini buýsanç bilen belläp, bu senäniň ähmiýeti barada gürrüň etdiler.
Bellenilişi ýaly, bu gün türkmeniň buýsanjy bolan, ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň sarpasy has belende göterilýär, halkymyzyň atşynaslyk sungaty rowaçlyga beslenýär. Bu zatlar halkymyzda egsilmez buýsanç döredýär.
Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar behişdi bedewlerimiziň şan-şöhradyny, sarpasyny arşy belentliklere göterendigi üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.