Ýakynda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň dürli ýerinden bagtyýar çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde zehinli çagalaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik ýaşajyk zehinleri ýüze çykarmakda we sungat äleminde uly üstünliklere ruhlandyrmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, uly meşhurlyga eýe bolan aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaga höwes edýän ýaşajyk zehinleriň sany ýylyň-ýylyna artdyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolan bagtyýar çagalar owadan sahnany mahmal owazly, belent mukamly joşgunly aýdym-sazlary, tans çykyşlary bilen bezediler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, gözel Watanymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, bagtyýar çagalygyň belent waspy bolup ýaňlanan joşgunly çykyşlar geljekde milli aýdym-saz sungatymyzy arşa göterjek nesliň kemala gelýändigine buýsanmaga esas berdi. Egsilmez ruhubelentlige beslenen aýdym-saz bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenip, olara ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.