ASMANYŇ HEM ZEMINIŇ ŞALYGY BEHIŞDI TÜRKMEN BEDEWLERI

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Asmanyň hem Zeminiň şalygy behişdi türkmen bedewleri» atly aýdym-sazly dabara Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary hem egsilmez şatlyk we hyjuw bilen gatnaşdylar.

Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli işlerini mynasyp derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen bedewlerine goýýan sarpasy, ýyndam bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we olaryň şanyna tutulýan toýy giňden dabaralandyrmakda edýän taýsyz tagallalary barada söhbet açyldy. Baýramçylyk dabarasynda etrap Medeniýet merkeziniň bagşy-sazandalarynyň türkmen bedewini wasp edip ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary owadan sahnany bezedi.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň ýörite taýýarlan baýramçylyk sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar