Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde okuwçylarynyň arasynda «Saglygym bar — baýlygym bar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda sportuň ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdygy, oňa jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garalmagynyň hem şonuň bilen baglydygy hakda täsirli gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýaşlaryň akyl zähmetiniň, döredijilik üstünlikleriniň ýygjamlaşmasynyň aglabasy sportuň berýän oňyn netijeleridir. Sportuň ähmiýeti ýaşlaryň arasynda barha ýokarlanýar. Iň esasy hem bedeniňi syratly edip, juwanlyk görküňi saklamaga täsir edýär.
Duşuşygyň ahyrynda ýaşlara gymmatly öwütler aýdyldy. Bu çärä gatnaşanlar ýaşlar üçin bimöçber alada edip, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.