SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY GÖZELLIKDIR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Sagdynlygyň gözbaşy gözellikdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bu gün dillerimiziň senasyna, köňüllerimiziň owazyna öwrülip, bagtyýarlygyň aýdymy, berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artýar, sportuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlanýar. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir ussat türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy, bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.

Täsirli geçen duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar