Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejede terbiýelenen ýaş nesli ýetişdirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarlylygy, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty, onuň düýp özeninde goýlan ynsanperwerlik ýörelgeleri ýaş nesilleriň aň-düşünjesinde we terbiýesinde aýdyň şöhlelenýär.
Bilim jemgyýetiň ruhy daýanjydyr. Parahatçylykly, durnukly jemgyýetiň esasyny döredýän hem-de ony ösdürýän güýç — akyl-paýhasly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar. Şeýle nesli terbiýelemekde ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylyga goşýan goşandy örän uludyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjydyr, parahatçylygyň hem-de ösüşiň kepilidir” diýen jümlesi döwlet syýasatynyň ýaşlara bolan ýokary ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ylym arkaly adamzat pikirlenýär, ylalaşýar, çözgüt tapýar. Hut şonuň üçin hem, “Ylym — adamzadyň parahat geljeginiň açarydyr” diýen ýörelge ýaşlaryň durmuş ýoluna öwrüldi. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň düýp manysy ylym taýdan ösüş görkezmek bilen bir hatarda, ýaş nesliň ahlak taýdan kämil, jemgyýetçilik işlerine işjeň, parahatçylyk söýüji şahslar hökmünde kemala gelmegine hem gönükdirilendir.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: “Parahatçylyk – ösüşiň binýadydyr. Bilimli ýaşlar bolsa bu ösüşiň hereketlendiriji güýjüdür” diýen sözleri häzirki nesliň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeginiň ähmiýetini doly açyp görkezýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamy dünýä derejesindäki talaplara laýyk kämilleşdirilýär. Täze okuw jaýlary gurlup, häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilýär. Halkara bilim hyzmatdaşlygy giňeldilýär, ýaş alymlaryň täze taslamalary goldanylýar. Şeýle giň mümkinçilikler bolsa ýaşlaryň diňe bir üstünlikli bilim almagyna däl, eýsem, parahatçylyk ýörelgelerini içgin özleşdirip, jemgyýete peýdaly şahslar hökmünde kemala gelmegine ýardam berýär.
Bilim bilen baýlaşan, ylym bilen kämilleşen nesil öz Watanynyň we dünýäniň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşýär. Olar dürli halklaryň arasynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk gurmak arkaly parahatçylygyň giňelmegine gönükdirilen başlangyçlara işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Ylymly nesliň kemala gelmegi diňe bir döwletimiziň ösüşiniň däl, eýsem, dünýäde parahatçylykly we durnukly geljegiň hem esasydyr.
Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy,
Pedagogika ylymlarynyň kandidaty.