Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda durmuşa geçirýän özgertmeleri, ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreşmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler, kanun bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti, ýaş nesilde watansöýüjilik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ynsaplylyk, janypkeşlik, adamkärçilik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan we bagtyýar ýaşamagy ugrunda alyp barýan netijeli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.