BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde geçirilen «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň» geçirilmegi mynasybetli «Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň deputaty, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de Ýaşlar guramasynyň wekilleri çykyş edip, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmegiň tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybarat boljagyny aýratyn nygtadylar. Talyp ýaşlaryň gelen myhmanlar bilen özara sorag-jogap alyşmasy olarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýna GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

Bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR