TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler jaýynda etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Baýmyrat Döwletgeldiýew, Köpetdag etrap halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Ýusup Akmämmedow, Köpetdag etrap kazyýetiniň wekili Aýtäç Ataýewa, Aşgabat şäheriniň 8-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Nurgözel Kömekowa dagylar çykyş edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ajaýyp ýurdumyzda bagtly we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmegi ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurmuhammet DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňAşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR