EZIZ WATANYŇ GERÇEKLERI

Beýik Watançylyk urşunda ähli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde duşmana garşy göreşmekde merdana türkmen ýigitleri hem batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezip, gahrymanlarça söweşipdirler. Watanymyzyň abadançylygynyň, nesillerimiziň röwşen geljeginiň hatyrasyna şirin janlaryny orta goýup, gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň ady ölmez-ýitmezdir. Atalaryny, ogullaryny, söwer ýarlaryny urşa ugradyp, tylda galan, mukaddes ojaklaryna wepaly, janypkeş, mähriban enelerimiz wepalylygyň, zähmetsöýerligiň beýik nusgasyny görkezdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Watan Gahrymanlary baky ýaşaýar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-niň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR