Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri Ahal welaýatynyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Kaka etrabynyň ýaşaýjysy, uruş weterany Ata Tutlykowyň döwletli ojagynda bolup, ony 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutladylar.
Ata Tutlykowyň 100 ýaşly goja esger öý-ojagyndaky duşuşyk täsirli söhbede utgaşdy. Onuň söweş we durmuş ýoly, uruş ýyllarynyň kynçylyklary, jeň meýdanynda görkezilen gaýduwsyzlyk, şeýle-de häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty bilen bagly beren gürrüňleri uly täsirleri döretdi.
Duşuşygyň barşynda goja esgere hormatly Prezidentimiziň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şol şatlykly günde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgärleri hem Ata agany özlerini baýramçylyk sowgatlary bilen begendirdiler. Bu bolsa, goja esgeriň göwnüni has-da galkyndyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş weteranlaryna belent sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.