Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýokary synp okuwçylaryň hem-de ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda etrabyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdep Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar ýaşlara uruş ýyllarynyň kynçylyklary, şeýle hem aldym-berdimli söweşlerde görkezilen gaýduwsyzlyk hakda gürrüň berip, häzirki eşretli günlerimiziň, ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmatyna ünsi çekdiler.
Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen duşuşykda ýaşlara watansöýüjilik, mertlik, arassa ahlaklylyk, hünäre we zähmete söýgi bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Soňra uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ildeşlerimize Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň baýramçylyk sowgatlary hem gowşuryldy.
Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy asuda, parahat durmuşda, bagtyýarlykda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.