TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda etrabyň H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebinde ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, olarda maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek we milli ýol-ýörelgeleri wagyz etmek, şeýle-de ýetip gelýän «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmegi we tertip-düzgüni pugta berjaý etmegi gazanmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakynda edilýän aladalar, olaryň watansöýüji, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi ugrunda amala aşyrylýan işler dogrusynda  aýratyn durlup geçildi. Ýaramaz endiklerden we hereketlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmak bilen bagly aýdylan gymmatly  öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlar we olaryň bagtyýarlygy hakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

IKI NESLIŇ DUŞUŞYGY

Indiki makala

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Meňzeş habarlar