WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, etrap bilim we etrap polisiýa bölümleriniň bilelikde guramagynda etrabyň 26-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy maksady  ýaşlarda watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekden, olaryň bilimli, hünärli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan ybarat boldy.

Ýaşlar guramasynyň we polisiýa bölüminiň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalaryň, olaryň bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalaryň ähmiýetine ünsi çekdiler, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak mekdeplerde 2024-2025-nji okuw ýylynyň soňky jaňynyň kakyljakdygy, şonuň bilen baglylykda geçiriljek dabaralary ýokary derejede guramaçylykly guramagyň möhümdigi barada durup geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar mekdebi tamamlaýan uçurymlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýdyp, Watanymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň agzybirligi, jebisligi we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürlerini uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Batyr NARYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Indiki makala

ÝAZGY EDILDI

Meňzeş habarlar