Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde etrabyň Täze ýol obasynda «Mellegim — mülkim» atly telegepleşigiň ilkinji sany ýazga geçirildi.
Täze ýol obasynda ekerançylyk bilen meşgullanýan hakyky daýhan nesilleri ýaşaýar. Ussat ekerançylaryň tejribesi ýaşlar üçin uly mekdepdir. «Mellegim — mülkim» atly telegepleşigiň ilkinji sanynyň ol ýerde ýazgy edilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Telegepleşigiň dowamynda kärine ussat ekerançylar toprak bilen iş salyşmaga, ekerançylyk bilen meşgullanmaga hem-de ýerden bol hasyl öndürmäge ýurdumyzda ähli şertlerdir mümkinçilikleriň bardygyny guwanç bilen gürrüň berdiler. Olar halal zähmetiň bilen baýamaga, azyk bolçulygyna goşant goşmaga açan giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyp, janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.