TÄSIRLI GEÇEN BRIFING DUŞUŞYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Ahal welaýat Medeniýet öýünde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça «Arkadagly Serdarly watançy ýaşlar – ýurduň beýik ykbaly» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işler amala aşyrylmagy şeýle-de ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawa eýe bolmaklary, döwlet baştutanymyzyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly eseri şu günki we geljekki günlerimizde ýaş nesil üçin ýan kitaba öwrülmegi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin döredip berilýän giň mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi.

Geçirilen brifing duşuşygynyň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, tutýan beýik tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler!

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Öňki makala

ÝAZGY EDILDI

Meňzeş habarlar