GOŞA SENÄ BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, welaýat kitaphanasynyň guralan baýramçylyk kitap sergisi bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini öz içine alan sergi uly gyzyklanma döretdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden toý edilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli edilen täsirli çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan dykgatly diňlendi. Çykyş edenleriň belläp geçişi ýaly,  Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýa jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Döwlet baýdagymyz bolsa, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr.

Şoňa görä-de, halkymyz bu goşa mukaddesligine buýsanýar, döwlet nyşanlarynyň şanyna giňden toý tutýar. Ruhubelentlikde geçen duşuşyga gatnaşyjylar il-günümizi eşretli günlere ýetiren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň buhgalteri.

Meňzeş habarlar