Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 5-nji orta mekdebinde «Berkarar döwletim şanly, şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Okuwçy ýaşlaryň arasynda geçen wagyz-nesihat duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler, ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup kemala gelmegi, ýaramaz endiklerden daşda durmagy ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda täsirli söhbet açyldy. Onuň dowamynda aýdylan gymmatly öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ilhalar nesiller bolup ýetişmegi üçin buýsanja mynasyp işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.