Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan harby gullukçylaryň arasynda «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksadyndan ugur alan duşuşykda täsirleri çykyşlara giň orun berildi.
Çykyşlarda ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, ynsan saglygyny pugtalandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada durlup geçildi hem-de bu ugurdaky tagallalaryň netijesinde sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň kemala gelýändigi aýratyn nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we sportuň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.