Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1–31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň» maksady, ýaramaz endikleriň adam bedenine edýän täsiri, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak hem-de internet torlaryndan dogry peýdalanmak ýol hereketiniň kadalary dogrusynda gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda alyp barýan netijeli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnagözel ANNANUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.