TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mekdebiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy, türkmen ýaşlarynyň dünýä ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygy dogrusynda gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülaýym AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar