Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň “Türkmendemirýollary” agentligi hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli şanly wakalara, beýik ýeňişlere beslenýändigini uly buýsanç bilen belläp, “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty ösdürmek babatda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidigini aýratyn nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, berk bedenli we sagdyn ruhly ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly
adyndaky IÝG-niň sanly ulgam boýunça hünärmeni.