KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY MIZEMEZ MUKADDESLIKLERDIR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim edaralarynyň hünärmenleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy, türkmen halkynyň milli mukaddesligidir» atly baýramçylyk we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa.

Çykyşlarda türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu goşa mukaddesligiň güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleriň ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýändigi, olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy, ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýandygy barada beýan edildi.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, merdana türkmen halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Enejan DOLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar