WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebinde okuwçylaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy üçin öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde döwletimiziň strategik meýilnamasynda kesgitlenilen ugurlara laýyklykda, orta mekdepleriň, şol sanda çagalar baglarynyň okuw meýilnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalaryň döwrüň talaplaryna görä döwrebaplaşdyrylýandygy, çagalar baglarynyň we mekdepleriň degişli hünärmenler bilen üpjün edilýändigi hem-de olaryň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Röwşen MODYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar