WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli toplumyň zähmetkeş ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydygyny, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidigini, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny hem-de ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdygyny uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar