14-nji maýda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda genetika boýunça olimpiada geçirildi. Ony S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýola goýdy.
Bäsleşigi guramaga uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşi we agronomiýa fakultetiniň oba hojalygy bölümi işjeň gatnaşdy.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi, onuň barşynda okuwçylar öz bilimlerini, zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler. Bäsdeşlere genetika boýunça 50 tabşyryk, olary ýerine ýetirmek üçin 60 minut wagt berildi. Her tabşyryga çylşyrymlylygyna baglylykda, 1-den 5-e çenli baha berildi. Bäsleşigiň barşynda we netijeler jemlenende, sanly ulgamyň mümkinçilikleri gowy ulanyldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrak alanlara, ýaryşyň netijeleri boýunça iň köp utuk gazananlara, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň adyndan degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.
Bäsleşik mekdep okuwçylaryny hünär saýlamaga ugrukdyrmaga, olaryň genetika we biotehnologiýa babatyndaky taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, nazary we amaly okuw wagtynda alan bilimdir endiklerini berkitmäge gönükdirilipdi.
Olimpiada «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň çäginde geçirildi.
turkmenistan.gov.tm