20-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol bäsleşiklerde zehinli türkmen okuwçylary ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, dürli gymmatlykdaky medallary gazandylar.
4–12-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherinde geçirilen fizika boýunça 25-nji Aziýa olimpiadasynda (APhO-2025) ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň üçüsi tapawutlandylar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Kakamyradowa kümüş medaly eýeledi. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Jumadurdy Nuryýew hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow höweslendiriji baýraklary aldylar.
Braziliýanyň Belu-Orizonti şäherinde 5–13-nji maýy aralygynda geçirilen 59-njy halkara Mendeleýew olimpiadasyna üstünlikli gatnaşylmagy türkmen mekdep okuwçylaryna mynasyp medallaryny üpjün etdi.
Bu olimpiadanyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary: 11-nji synp okuwçysy Rüstem Jumaýew kümüş medal, 11-nji synp okuwçysy Diýar Döwletow, 12-nji synp okuwçylary Aýgül Atajanowa we Jeren Akmyradowa bürünç medallary gazanyp, baýrak eýeleriniň hataryna girdiler.
7–13-nji maýy aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Al-Horezmi adyndaky matematika we informatika boýunça 3-nji halkara olimpiadasynda Türkmenistanyň ýaş zehinleri jemi 12 medal – 1 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medallary eýelediler.
Matematika boýunça altyn medala Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow mynasyp boldy.
Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ýusup Resulow, Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow hem-de Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kasym Köçekow kümüş medallara mynasyp boldular.
Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçylary Serdar Nazaröwezow, Akmyrat Akmyradow, 9-njy synp okuwçysy Mekan Döwletýarow, Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Ýeňiş Akmämmedow, Atabaý Akmyradow, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Azat Nepesow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Röwşen Seýitgulyýew hem-de Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Akmuhammet Şöhratgeldiýew bürünç medallaryň eýeleri boldular.
Sylaglanylyş dabarasynyň dowamynda halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary netijeli okamaga hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmäge we abraýly halkara bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
turkmenistan.gov.tm