Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň etrabyň 3-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda ýaş nesliň milli küýzegärçilik sungatynyň syrlaryny öwrenmegini, aýawly saklamagyny, hormat goýmagyny gazanmak maksady bilen, okuwçylaryň gatnaşmagynda «Milli küýzegärçilik sungatynyň syrlary» ady bilen mekdebiň muzeýine gezelenç duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda halkymyzyň baý milli mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde muzeýleriň eýeleýän orny, olaryň taryhymyzy, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gezelenjiň dowamynda ýaşlar degişli hünärmenler bilen milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, milli küýzegärçilik sungatynyň syrlary dogrusynda sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli medeniýetini, medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, aýawly saklamak, dünýä ýaýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülşat TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.