Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly şäher önümhanasynda «Türkmeniň halysy — türkmeniň kalby» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Selbi Kommanowa hem-de Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly şäher önümhanasynyň çeper elli halyçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy Jennet Çaryýewa dagylar çykyş edip, türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan nepis halylaryň dokalyşynyň inçe syrlary dogrusynda söhbet etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň medeni mirasyny we sungatyny öwrenmäge, gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýsona GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.