BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada welaýatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk röwüşde bezelen meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halysynyň, milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň waspy ýetirilip ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdymlarda dolulygyna açyp görkezen dabara oňa gatnaşyjylara şatlyk paýlady, olaryň kalbyny heýjana getirdi. Ýaşyl baýdagymyzyň hatar gurap, pasyrdap durşy bolsa, Watan buýsanjyndan habar berip, dabaranyň görküne görk goşdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar il-günümiz üçin uly aladalary edýän, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, milli baýramçylyklarymyzyň giňden bellenilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,

Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 1 okalan

BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

03 Iýun 2025 | 25 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA