UÇURYMLAR SYLAGLANDYLAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli şäher häkimliginiň mejlisler zalynda “Nurana geljege gadamlar batly” ady bilen şäheriň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň gatnaşmagynda tapawutlanan uçurymlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Duşuşygy TMÝG-niň şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa alyp baryp, onda şäheriň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Allaýar Ýalkabow, şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene Ogulgerek Hallyýewa, TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň uly buhgalteri Abdylla Hudaýberdiýew, 22-nji orta mekdebiniň mugallymy Eziz Kakajanow, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň uçurymy Eneş Kakajanowa hem-de A.Ýazow adyndaky 6-njy orta mekdebiň uçurymy Ýusup Orazow dagylar çykyş etdiler. Dabara gatnaşanlar ähli uçurymlara gutlag sözlerini hem-de iň gowy arzuwlaryny aýdyp, olara ak ýol arzuw etdiler. Şeýle hem, dürli ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşyp, tapawutlanan uçurymlaryň ählisine TMÝG-niň Mary şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň, maksada okgunly, watansöýüji nesilleri terbiýelemek ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 1 okalan

BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

03 Iýun 2025 | 25 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA