AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde guralan türkmen halkynyň medeni mirasyny şöhlelendirýän nepis halylaryň sergisi, welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar, türkmen halysynyň, ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspyny ýetirýän ajaýyp mukamlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli medeniýetine, sungatyna, däp-dessurlaryna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Laçyn KAKAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 1 okalan

BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

03 Iýun 2025 | 25 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA