KITAP OKAMAÝAN GÖRÝÄNINI GÖRER, KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý döredijilikli durmuşynyň gülläp ösýän taryhy zamany hökmünde özüniň kämil derejesine ýeten ylym-bilim, medeniýet ulgamy bilen has-da pugtalanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň özgerýän we ösýän döwründe kitaphana gaznalaryny gorap saklamagy üpjün etmek, ýaşlarymyzyň kitaba bolan höwesini artdyrmak, ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Lebap welaýatynyň Merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» ady bilen giň gerimli sergi guraldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti we baý many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňlere aýratyn üns çekildi.

Serginiň dowamynda talyp ýaşlarymyz kitaphananyň ähli gymmatlyklaryna syn edip, kitaplar hakynda ençeme maglumatlary öwrendiler.

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 58 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 93 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 67 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR