BITARAPLYK PARAHATÇYLYK –ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda işjeň agzalarynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk parahatçylyk –ösüşleriň aýdyň ýoly» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Brifing duşuşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçülik işleriniň müdiri Yhlas Geldimyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy Serdar Jumamyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýjahan Mollaýewa, Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Amangözel Tagandurdyýewa dagylar özleriniň çykyşlarynda Milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde berkän dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda gatnaşan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumy hem-de “Russia Halal Expo 2025” sergisi dogrusynda hem çykyşlarda aýratyn bellenildi.

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga, okamaga, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 0 okalan

PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

29 Maý 2025 | 0 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

28 Maý 2025 | 34 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM