Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 13-nji çagalar bakja-bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarda ýaňlansyn hemişe çaga gülküsi” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň baş hünärmeni Tawus Aşyrowa hem-de etrabyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Altyn Saparowa dagylar çykyş edip, 1-nji iýunda ýurdumyzyň ähli künjeginde Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilip geçilýändigi, eziz Diýarymyzda ýaş nesliň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle-de, baýramçylyk çäresinde körpeleriň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar we joşgunly tanslar çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kuwwat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.