Ýakynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi hem-de Darganata etrabynyň Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgesini daşary syýasatynyň binýadynda goýýandygyny nygtamak maksady bilen «Baky bagtyň binýady» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ata Watanymyzyň beýik ösüşleridir özgertmeleri, ýaşlar hakda edilýän aladalar barada durlup geçildi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti we baý many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňlere aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda halkyny asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde işlemäge, ýaşamaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, biz ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýolly ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap GeňeşiniňGuramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.