Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň miweli bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda ýaş bagbanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen «Azyk bolçulygy – rysgal berekediň çeşmesi» atly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaş bagbanlar işjeň gatnaşdylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri özleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar Watanymyzda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda, sanly ulgam arkaly ýerden bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ornuny çalyşmaga hem-de eksport mümkinçilikligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak barada alyp barýan syýasatlaryny wagyz etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda bolsa bagbanlara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Güljan DÖWRANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap GeňeşiniňGuramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.