TERBIÝE OJAKDAN BAŞLANÝAR

Golaýda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 7-nji “Merjen” çagalar bakja bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň çagalar bakja bagynyň terbiýeçi gyzlaryň arasynda “Terbiýe ojakdan başlanýar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Ýolly Allaberdiýewa, 7-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Jahan Durdyýewa dagylar, türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessurlary ýaýbaňlandyrylyp, halk döredijiliginde aýratyn orun alan mährem käbelerimiz tarapyndan hiňlenilýän hüwdülerimiz, gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan nepis el işleri, barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy, ata-baba ýol ýörelgelerimizi dabaralandyrýan, olary ýaş nesillere wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Firuza BAGTYÝAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 82 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 503 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 570 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM