BAG DURMUŞYŇ BEZEGI

Ýakynda, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn-asyr geňeşliginiň Aryk-aýak obasyndaky miweli bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Aryk-aýak obasynyň  bagbanlarynyň gatnaşmagynda ýaş bagbanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen «Bag durmuşyň bezegi» atly duşuşyk geçirildi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, onuň tebigy baýlyklaryny we gözelligini gorap saklamagyň biziň mukaddes borjumyzdygyny, miweli agaçlaryň ýurdumyzyň islendik künjeginiň gözelligine gözellik goşýandygyny, baglaryň gülleýän döwründe aýratyn gözel keşbe girýändigini hem-de özüniň datly miwesini eçilýändigini, şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze ýaşyl zolaklaryň döredilendigini, daýhanlaryň her ýyl miweli baglaryň täze sortlaryny ýetişdirýändiklerini, ýeri gelende miweleriň daşary ýurtlara hem eksport edilýändigini täsirli gürrüň berdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI