GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNDAN

YLYM-BILIM, MEDENIÝET BOSSANYNYŇ AÇYLYŞY WE DÜNÝÄ ÝAÝLYŞY

Her bir halk öz şöhratly taryhy, gazanýan üstünlikleri bilen tanalýar. Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda, dürli sebäplere görä, dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr. Mesgen tutan ýerlerinde türkmen medeniýetini, şeýle-de öz milli medeniýeti bilen sazlaşykly utgaşýan, öz milli medeniýetiniň bir bölegine öwrülen, öz milli medeniýeti bilen baýlaşan, adamzadyň bähbitlerine hyzmat edýän medeniýetleri hem dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri bitiripdirler. Munuň özi yslam medeniýeti babatda hem şeýledir. Men bu baradaky möhüm maglumatlary berýän edebiýatlara gaýtadan nazar saldym. Şonda ýene bir gezek mundan müň ýyldan hem has ozalky döwürlerden başlap gaýdýan çylşyrymly wakalaryň içinden geçdim. Taryhyň alys jümmüşlerindäki Sümer türkmenleri bilen araplaryň arasyndaky gatnaşyga aýratyn bir döwür hökmünde garanymyzda, türkmenler bilen bu topraklara yslam medeniýetini getiren araplaryň gatnaşygy irki yslam ýörişleri bilen başlanýar. Bular barada IX asyrda ýaşap geçen Belazuri, Tabary, Ibn Rüste ýaly alymlaryň taryhy we geografik eserlerinde gymmatly maglumatlar bar. Musulman araplaryň biziň ýerlerimize aralaşyp ugramagy VII asyra degişlidir. Bu juda uly taryh. Şoňa görä, men bu ýerde şunuň bilen baglanyşykly wakalar barada ýeke-ýeke gürrüň bermekçi däl. Bir söz bilen aýtsam, çaryýarlaryň (biziň halkymyz muňa «dört çaryýarlar» diýýär) döwründe yslam biziň ýurtlarymyza gelipdir. Şeýle-de bolsa, dürli sebäplere görä, yslamyň we arap diliniň halkyň durmuşynda doly orun almagy üçin ep-esli wagt gerek bolupdyr. Hernäme-de bolsa, yslam dini ýaýrap başlapdyr. Wagt geçip, türkmenler yslamy kabul edip, musulmanlaryň harby durmuşyna hem işjeň gatnaşyp, oňa giňden täsirini ýetirip başlapdyr. Ümewiler döwründe, olaryň yslamy ýaýratmak üçin, köplenç, harby hereketler bilen meşgul bolandygy sebäpli, bu sebitlerde ylmyň we medeniýetiň ösüşi togtapdyr. Ýöne ümewiler yslam medeniýetini we arap dilini ýaýmak bilen, apbasy döwründe amala aşan ylmy galkynyşyň esasyny goýupdyrlar. Bu işde türkmenleriň aýratyn uly goşandy bardyr. Ümewi halyflygy ýykylyp, apbasy halyflygynyň esaslandyrylmagy bilen (750 ý.) yslam medeniýetini we arap dilini ýaýmak syýasaty işjeň dowam etdirilipdir. Türkmenler syýasy, harby, ylmy we medeni durmuşa giňden gatnaşmak arkaly onuň rowaçlanmagyna özleriniň uly täsirini ýetiripdirler. Ümewiler döwründe biziň sebitlerimize araplar köpçülikleýin göçüp gelen bolsalar, apbasylar döwründe türkmenler Bagdada tarap uly bolmadyk göçüş hereketine başlapdyrlar. Soňra seljuklar döwründe bu göçüşler uly tolkunlara öwrülipdir. Taryhy çeşmelerde aýdylmagyna görä, Fazl ibn Ýahýa el-Bermeki Harun Reşit tarapyndan Horasana häkim bellenilende (794 ý.), ol ýerden bäş ýüz müň esgerden düzülen goşun taýýarlapdyr we olaryň ýigrimi müňüsini Bagdada eltipdir. Türkmen ýigitleriniň edermenligi, batyrlygy, wepalylygy, söweşjeň ukyby, galyberse-de, tireparazlykdan we milletçilikden daşda durýandygy sebäpli, halyf Mamunyň (813 – 833 ý.) döwründe goşunda olaryň sany has hem artypdyr we onuň gullugynda köp sanly söweşjeň batyr türkmen ýigitleri jemlenipdir. Halyflyk tagtyna Mugtasym (833 – 842 ý.) geçende bolsa, goşunda türkmenleriň sanyny artdyrmaga yzygiderli üns berlipdir. Alymlaryň käbiri munuň sebäbini Mugtasymyň ejesiniň türkmenliginde gören bolsalar, käbiri türkmenleriň araplaryň we parslaryň tagt üçin edýän bäsdeşliginden uzakdadygynda, öz baştutanyna wepalydygynda görüpdir. Olaryň pikirleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Belli bir döwürlerde hatda Bagdat türkmenler üçin darlyk edipdir, halyf Samerra şäherini gurmaga (835 ý.) mejbur bolupdyr. Apbasy halyflygy döwründe türkmenler ýokary harby ukyplaryny görkezmek bilen birlikde, öz ylmy we medeni gymmatlyklaryny yslam medeniýeti bilen utgaşdyrmagy başarypdyrlar. Bu ýagdaý apbasylar döwründe juda ýokary derejelere göterilip, soňky asyrlarda hem dowam eden ylmy galkynyşyň özenini düzüpdir. Netijede, türkmen topragyndaky Merw, Sarahs, Abiwerd, Nusaý, Dehistan, Amul, Gürgenç (Jürjäniýe) ýaly, gadymyýetiň şöhratly şäherleri ylmyň we yslam medeniýetiniň münberlerine öwrülipdir. Bu şäherlerde yslam dininiň dünýä dinine öwrülmeginde uly hyzmatlary bitiren beýik şahsyýetler ýetişipdir. Oguz han döwründen bäri ýüregine hem aňyna ýekehudaýlylyk guýlan türkmen halky yslammedeniýetini öz kalbyna ýakyn görüp, ony ösdürmek we dünýä ýaýmak wezipesini öz üstüne alypdyr. Türkmenler bu maksady amala aşyrmak üçin, ilkinji nobatda, ylmy belent derejelere göteripdir. Türkmenler yslam medeniýetine hyzmat etjek örän kän eserleri arap dilinde ýazypdyrlar. Olaryň bitiren işlerini bilip, her bir türkmen buýsanmaga haklydyr. Mysal hökmünde şol alymlaryň käbirlerini ýatlap geçmegi makul bildim. Şeýle alymlaryň biri Abdylla ibn Mübärek Merwezidir (Ol 797-nji ýylda halyf Harun Reşidiň döwründe dünýäden ötýär). Merwezi özüniň çuňňur ylmy, gözel gylyk-häsiýeti, edermenligi, jomartlygy we hudaýhonlygy bilen türkmeni musulman älemine tanadypdyr. Alym Sufýan Söwri ol barada: «Men ömrümde bir ýyl hem bolsa Abdylla ibn Mübärek ýaly bolmagy arzuw edýärin, emma üç gün hem bolmagy başaramok» diýipdir. Ibn Uýeýne: «Men sahabalaryň we Abdyllanyň ömür beýanyna seredenimde, olaryň Abdylladan pygamber bilen ýoldaş bolup söweşe gatnaşmaklaryndan başga artykmaçlyklarynyň ýokdugyny gördüm» diýipdir. Günleriň birinde Fuzaýl ibn Yýaz, Sufýan we beýleki alymlar Mesjidi-haramda otyrkalar, aňyrdan Abdylla çykypdyr. Şonda Sufýan: «Ine, Gündogaryň gerçegi» diýipdir. Fuzaýl bolsa: «Gündogaryň, Günbataryň we ikisiniň arasynyň gerçegi» diýipdir. Şol alymlaryň hatarynda ýokarda ady agzalan, Abiwertde önüp-ösen, «Iki mukaddesligiň ybadathony» adyna eýe bolan Fuzaýl ibn Yýazy hem öz işleri bilen uly hormata mynasyp bolupdyr. Yslam dünýäsinde alty sany ygtybarly hadys kitaplaryň biriniň awtory, nusaýly alym Abu Abdyrahman Ahmet ibn Şugaýp Nesaýy (829 – 915) hem öz köp jiltlik eserleri bilen yslam medeniýetiniň dünýä ýaýramagynda uly hyzmatlary bitiripdir. Ady taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan alymlaryň biri-de matematik, astronom we geograf Muhamet ibn Musa Horezmidir (780 – 850). Ol köp ugurly ylmy ukyby bilen apbasy halyfy Mamunyň döwründe (813 – 833) yslam äleminiň Bagdatdaky ylymlar akademiýasyna – «Beýt el-hikmete» («Hikmet öýi») baştutanlyk edipdir. Halyf oňa Zeminiň kartasyny çyzmagy tabşyrypdyr. Muhammet Horezmi grek we hindi ylymlaryndan hem oňat baş çykarypdyr. Ol ähli ylmy işlerini arap dilinde ýazyp, yslam medeniýetiniň Ýewropa ýurtlaryna ýaýramagyna köp goşantlar goşupdyr. Abdylla ibn Ahmet Habaş el-Hasyb Merwezi (770 – 874) matematika, astronomiýa we geografiýa ylymlarynda uly işleri bitirip, özüni dünýä tanadan alymlaryň biridir. Ol apbasy halyflary Mamunyň we Mugtasymyň döwründe ýaşap, Bagdadyň «Hikmet öýünde» Horezmi bilen bir döwürde işläpdir. Apbasy döwletiniň süňňüne gowşaklyk aralaşyp ugrandan soň, Horasanda Tahyrylar (821 – 873), soňra Safarylar (861 – 1003), Samanylar (819 – 999) häkimiýet başyna geçýärler. Bu döwletler yslam medeniýetini dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiripdir. Olaryň hökümdarlarynyň ýurtda durnuklylygy berkitmekleri sebitiň, hususan-da, biziň ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň yslam medeniýetiniň dünýä şugla saçýan ojaklary bolmagyny üpjün edipdir.