ARASYNDA DEMIŇI DÜRSE!

Günleriň birinde uzak ýaşan danalaryň birinden sagdynlygyň we uzak ýaşamagyň syryny sorapdyrlar. «Ne ýaşyňyzda, ne huşuňyzda ýaş uzaklygyň täsiri bildirýär. Munuň syry näme?» diýipdirler. Ol: «Size aýtsamam, ynanmazlygyňyz mümkin. Aslynda bu kitap dörüp öwrenilmeli pynhan pikirlerden däl. Adaty durmuş ýörelgesi. Men her bir zady islän wagtymda ýerine ýetirmäge çalyşýaryn. Islän wagtym iýýärin, islän wagtym içýärin. Islän wagtym ýatyp ukymy alýaryn. Islän wagtymam işleýärin» diýipdir. Bu jogap adamlary doly kanagatlandyrmandyr. «Bizem islän wagtymyz iýip-içýäris, islän wagtymyzam dynç alýarys. Ýöne bizde beýle arkaýyn-asudalyk ýok, süňňi sagdynlyk ýok. Gaýta ýaş geçdigisaýy süňňümize argynlyk ymykly ornaşyp barýar» diýşipdirler. Dana adam olara bakyp: «Ýok, beýle däl, siz özüňiz barada galat aýdýarsyňyz. Siz islän wagtyňyz iýip-içeňizok-da, pursat tapan wagtyňyz garbanýarsyňyz. Bir işe başlaýansyňyz, ajygarsyňyz, emma «şujagaz işimi dynyp, soňra naharlanaryn» diýersiňiz. Bir zada güýmenersiňiz, kelläňiz gyzar gider, ajygandygyňyzy unudarsyňyz, wagtynda gelen ukyny mejbury basjak bolarsyňyz. Dürli dermanlar ýa-da içgiler bilen uklamajak bolup yhlas edersiňiz. Ýeterlik uky alynmasa-da, kelläňiz agyrar durar. Tebigat öz ýaradan zadynyň ýagdaýyny anyk bilýär. Şonuň üçin işdäňiz alan ýa-da pursat tapan wagtyňyz däl-de, hakyky ajygan wagtyňyz iýip-içiň. Hakyky ukyňyz tutan wagty, ýatyp-turuň. Işläň, oýnaň, ýöne wagtynda dynç almagy hem, beýniňize rahatlyk bermegi hem unutmaň» diýipdir. Biz käteler durkumyz-düýrmegimiz bilen özümizi haýsydyr bir işe bagyş edýäris. Yhlasly zähmet örän gowy zat, emma arasynda özümize dem-dynç berip, duýgulary seýisläp durmasak, süňňümize gujur-kuwwat toplamagyna maý bermesek, işleriň ahyrky netijesi göwün edenimizden gowşak çykmagy mümkin. Ata-babalarymyzda şeýle bir sözler bar: «Arasynda demini dürsemeýän adamyň ädimleriniň arasy barha gysgalar we barmaly menzili-de uzaklaşar».

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 4 okalan

ARASYNDA DEMIŇI DÜRSE!

24 Iýun 2025 | 44 okalan

YBADATHON