Ýaňy-ýakynda Kerki etrabynyň 2107 harby bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 2107 harby bölümi hem-de Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda etrabynyň 2107 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda watan mukaddesligini we gymmatlygyny düşündirmek maksady bilen “Watan goragy mukaddesdir” atly duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Atajan Joraýew, 2107 harby bölüminiň harby gullukçysy, IÝG-nyň başlygy Baýram Mämmäýew, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň işgäri Ogulnabat Kurbanowa çykyş etdiler.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrynda alnyp barylýan tutumly işleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.