WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda,etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn jemgyýet-Berkarar döwlet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda  çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemme taraplaýyn gülläp ösýändigi, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy,  türkmen ýaşlarynyň dünýä ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat kommunikasiýa, medeni ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygy dogrusynda gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülzar BEKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magytymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 60 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 411 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 437 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM