Ýakynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew, etrap Geňeşleriniň guramagynda Saýat, Dänew etrap geňeşleriniň gatnaşmagynda “Bitaraplyk bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Bitaraplyk türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri bolup, häzirki zaman dünýäsinde daşary syýasy başlangyçlaryň möhüm ornuny kesgitleýär we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, bu ugurdaky ähli tagallalary birikdirmäge uly ýardam edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagynyň taryhy kökleri örän çuňdur. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň, ykdysadyýetiniň ýeten derejeleri onuň geljekki ösüşiniň täze belentliklere ýetmegine hem baglydyr diýip ýerlikli bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.