Golaýda, Lebap welaýat Kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telekeçiler we Senagatçylar Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat Kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda «Bitaraplyk Watan asudalygyň berkararlygy» ady bilen brifing duşuşygy geçirildi.
Brifing duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.