WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşygynyň Çärjew etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň, Çärjew etrap polisiýa bölüminiň, Çärjew etrap pensiýa gaznasy bilen bilelikde guramagynda jemgyýetçilik guramalary hem-de ýaşulularyň gatnaşmagynda «Halkyň söýüp, sylany–mähribany Arkadag, Watanyň şöhrat-şany – Gahrymany Arkadag!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, öz saýlan hünärine ussat watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýaş nesiller üçin edilýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Wepa ATAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 60 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 411 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 437 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM