BAGTYÝAR ÝAŞLAR SPORT BILEN GALKYNÝAR

Golaýda, Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Bagtyýar ýaşlar sport bilen galkynýar!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesiller üçin alnyp barylýan tutumly işleri eziz Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýurdydygynyň aýdyň subutnamasydygyny giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Aýjan ABDULLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 60 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 412 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 437 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM