TÜRKMENISTAN DÜNÝÄDE YLALAŞDYRYJY MERKEZDIR!

Düýn Lebap welaýat, Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäher Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, Welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, Lebap welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi, Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan dünýäde ylalaşdyryjy merkezdir» atly dabaraly maslahaty geçirildi.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek üçünji maslahata bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildigi babatynda giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýaşlara nusgalyk ýol görkezýän, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Laçyn AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar