HALKARA FORUMA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Gämi oba Medeniýet öýünde halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisindäki çykyşyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan söhbetdeşlige ýaşlar gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýylyň 4–8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň berkarar Watanymyzyň abraýyny artdyrjak taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigi barada söz açyp, bu halkara foruma ýokary derejede geçirmek bilen bagly alnyp barylýan taýýarlyk işleri dogrusynda söhbet etdiler.

Täsirli geçen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rejepgeldi ATAJANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 1 okalan

HALKARA FORUMA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

16 Iýul 2025 | 90 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

16 Iýul 2025 | 48 okalan

ZENAN ELI GYZYL GÜL