Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşlere beslenýän her bir günümiz taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistan ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz halkara forumlaryň we dialoglaryň geçirilýän ýurdyna öwrüldi. Şu ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Azerbeýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we şäher Geňeşleri Daşoguz welaýat kitaphanasynda TMÝG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Parahatlyk, dost-doganlyk, jebislik – beýik Watanymyň ajap şygary» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdiler. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň Azerbeýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň we durmuşa geçiren beýik işleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna ýaşlaryň hem mynasyp goşant goşjaklary barada buýsançly gürrüňler etdiler.
Aýnur ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.